icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

25 maý 2024

3193

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi

2024-nji ýylyň 24 maýynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, ykdysadyýet we maliýe ministri Jamşid Kuçkarowy kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, Döwlet Baştutanymyza, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň mähirli salamyny, türkmen halkyna rowaçlyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini nygtady hem-de soňky ýyllarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykarylandygyna ünsi çekdi.

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýändikleri bellenildi. Köpugurly türkmen-özbek hyzmatdaşlygynda söwda-ykdysady ulgama aýratyn orun degişlidir.

Şunuň bilen bir hatarda, medeniýet, ylym, bilim ulgamlarynda däp bolan hyzmatdaşlyk hem işjeň ösdürilýär. Bu bolsa iki doganlyk halky mundan beýläk-de ýakynlaşdyrmak, köpasyrlyk dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmak üçin özboluşly köpri bolup hyzmat edýär.

Myhman pursatdan peýdalanyp, Prezident Serdar Berdimuhamedowy, Türkmenistanyň Hökümetini we türkmen halkyny Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de Prezident Şawkat Mirziýoýewiň degişli Kararyna laýyklykda, Magtymgulynyň şanly ýubileýiniň Özbegistanda-da baýram edilýändigini aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasy bilen strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändigini belläp, Prezident Şawkat Mirziýoýewe mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz we myhman birek-birege iň gowy arzuwlaryny aýdyp, strategik döwletara hyzmatdaşlygyň mizemez dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanyp, umumy bähbidiň hatyrasyna mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi