icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

06 iýun 2024

1566

Belgiýanyň DIM-nde Türkmenistanyň wekiliýetiniň duşuşygy geçirildi

2024-nji ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistan wekiliýetiniň Brýussele amala aşyrýan saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow bilen Belgiýanyň Daşary işler ministrliginiň köptaraplaýyn meseleler we ählumumylaşma boýunça baş syýasy direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji Gislen D’Hupyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri barada pikir alyşdylar. BMG we ÝHHG ýaly halkara we sebit guramalarynyň çäklerindäki işjeň gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Ýurtlaryň arasyndaky şertnama-hukuk binýadyny baýlaşdyrmagyň ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ykdysady, medeni, ynsanperwer we syýasy ugurlardaky hyzmatdaşlyga seredildi. Hususan-da, Belgiýanyň kompaniýalarynyň wekilleriniň infrastruktura we senagat pudaklaryndaky hyzmatdaşlyk boýunça gepleşikleri geçirmek maksady bilen Türkmenistana ýakyn wagtda amala aşyrjak sapary agzaldy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar 2024-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň we Belgiýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň ähmiýetini belläp, bu resminamanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen düzgünlerini durmuşa geçirmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar özara kabul ederlikli wagtda iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleriň nobatdaky tapgyryny geçirmek mümkinçiliklerine garadylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhümdigini bellediler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi