icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

12 iýun 2024

4301

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 11-nji iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda işleýän kompaniýalaryň birnäçesiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirdi.

Ilki bilen Gahryman Arkadagymyz “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, iki doganlyk halkyň taryha uzaýan gatnaşyklarynyň häzirki döwürde dürli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýändigini belledi. 

Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri doganlyk Türkiýäniň kompaniýalarynyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine goşýan uly goşandyny belläp, “Çalyk Holding” kompaniýasy tarapyndan Hazar deňziniň türkmen kenarynda gurluşygy dowam etdirilýän, kuwwaty 1574 megawat bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň türkmen elektrik energiýasyny Hazar deňziniň üsti bilen goňşy döwletlere, şol sanda doganlyk Türkiýe Respublikasyna we beýleki ugurlara ibermäge mümkinçilik berjekdigini aýtdy. 

Duşuşygyň dowamynda nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň türk kompaniýasynyň bilelikdäki taslamalar boýunça degişli tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.

Pursatdan peýdalanyp, Milli Liderimiz Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Dragon Oil” kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al Jarwan bilen duşuşdy.

Kompaniýanyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi we hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak babatda döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi. Şunda Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň özara ynanyşmak esasynda ähli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi.

Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň ýanwarynda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran iş saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, saparyň çäklerinde BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda bilelikdäki işiň ägirt uly tejribesini we Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça giň gerimli meýilnamalary nazara almak bilen, köpýyllyk gatnaşyklary üstünlikli ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň baş direktory Ismadi Ismail bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ykdysady ösüş maksatnamalary, senagat pudagyndaky özgertmeleri we işewürlik üçin döredilýän amatly şertleri göz öňünde tutmak bilen, hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň hem-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň “PETRONAS” kompaniýasy bilen nebitgaz pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça hem hyzmatdaşlyk edýändigini belläp, ýurdumyzyň ýola goýlan oňyn hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldiljekdigine ynam bildirdiler.

Ondan soň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi.

Gahryman Arkadagymyz iri türk kompaniýasynyň ýolbaşçysyny mähirli mübärekläp, “Rönesans Holdingiň” türkmen bazaryndaky köpýyllyk netijeli işini belledi. Geçen ýyllaryň dowamynda bu kompaniýa özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezdi. Onuň durmuşa geçiren taslamalary halkara hil standartlaryna doly laýyk gelýär.

Duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy barada düýpli pikir alşyldy hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmegiň täze mümkinçilikleri kesgitlenildi. 

Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz hem-de “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak birek-birege iň gowy arzuwlaryny aýdyp, Garaşsyz Türkmenistanyň okgunly ösdürilmegine gönükdirilen täze iri taslamalary durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki işiň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi