icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

09 sentýabr 2024

833

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary

2024-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Astananyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde Hormat garawuly nyzama düzüldi, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar garşyladylar.

Soňra howa menzilinden türkmen halkynyň Milli Lideriniň awtoulag kerweni “Akorda” köşgüne tarap ugrady. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideriniň Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar köpugurly döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Gazagystan Respublikasynyň Baştutany Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideri bilen öz ýurdy üçin şeýle möhüm günde duşuşmaga şatdygyny aýtdy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Gazagystana sapary häzirki wagtda üstünlikli ösdürilýän we strategik hyzmatdaşlyk derejesine doly laýyk gelýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmekde uly ähmiýete eýedir.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň soňky ýyllarda depginli ösdürilýän döwletara dialogyň pugtalandyrylmagyna goşýan ägirt uly goşandyny belledi. Ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklar munuň güwäsidir diýip, Gazagystanyň Baştutany aýtdy we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýakynda Astana amala aşyran iş saparynyň ähmiýetini belläp, onuň netijelerine ýokary baha berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri mähirli kabul edilendigi hem-de dabaraly çärä gatnaşmaga çakylygy üçin Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, ýakyn goňşy ýurt bolan Gazagystana ýene-de bir gezek gelip görmegiň hem-de doganlyk ýurtda geçirilýän çäreleriň hormatly myhmany bolmagyň özi üçin uly mertebedigini belledi. Halk Maslahatynyň Başlygy Astananyň iri halkara çäreleri guramakda ähmiýetli ornuny belledi. Bu çäreler Gazagystanyň dünýä giňişligindäki abraýyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Prezident Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Halk Maslahatynyň Başlygy öz adyndan hem-de döwlet Baştutanymyzyň adyndan Gazagystanyň halkyny ýurduň şeýle wekilçilikli sport forumyny geçirmek hormatyna mynasyp bolmagy bilen gutlady we Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlarynyň ýokary derejede geçirilmegini, bäsleşiklere gatnaşyjylara bolsa uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki zaman dünýäsinde sportuň ählumumy parahatçylygyň berkidilmeginiň, halklaryň we döwletleriň arasynda dostluk, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynyň möhüm şertidigini belledi. Halk Maslahatynyň Başlygy Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, onuň çarwa taýpalaryň medeni aýratynlyklarynyň saklanyp galmagyna, gaýtadan dikeldilmegine ýardam berýändigini, dürli ýurtlaryň wekilleriniň gadymy däp-dessurlar bilen tanyşmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýändigini belledi.

Soňra Türkmen halkynyň Milli Lideri Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynyň açylmagynyň öňüsyrasynda, has anygy, 6-njy sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly Kararnamanyň kabul edilendigine ünsi çekdi. Munuň özi biziň ählimiz üçin goşa baýramçylykdyr diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri bu resminamanyň BMG-niň çäklerinde sport diplomatiýasyny amala aşyrmak üçin ygtybarly binýadyň döredilmegine gönükdirilendigini belledi.

Halk Maslahatynyň Başlygy bu meselede goldaw berendigi hem-de awtordaşlygy üçin gazak tarapyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip hem-de hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Gurbanguly Berdimuhamedowy BMG-niň Kararnamasynyň kabul edilmegi bilen gutlady.

Özara ynanyşmak ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşler abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde depginli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar.

Taraplar gatnaşyklaryň döwrüň talaplaryna laýyklykda mundan beýläk-de ösdürilmeginiň zerurdygyny nygtadylar.

Hökümetara toparyň hem-de işewürlik geňeşiniň alyp barýan netijeli işlerine, daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli esasda geçirilýän geňeşmelerdir duşuşyklara hem üns çekildi. Ýurtlaryň wekiliýetleriniň Türkmenistanda we Gazagystanda guralýan ykdysady ugurly iri forumlara gatnaşmagynyň ähmiýeti bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň Başlygy ýakynda Aşgabatda maýa goýum forumynyň geçiriljekdigini aýdyp, oňa köp ýurtlaryň wekilleriniň, şol sanda Gazagystanyň hem wekiliýetiniň gatnaşmagyna garaşylýandygyny belledi.

Taraplar medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy hem ara alyp maslahatlaşdylar. Ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna, däp-dessurlaryň meňzeşligine, özara düşünişilmegine esaslanýandygy bellenildi.

Astanada beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylmagy hem-de Aşgabatdaky “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynda Gazagystanyň meşhur döredijilik işgärleriniň biri Kurmangazy Sagyrbaýulynyň heýkeliniň oturdylmagy hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň aýdyň mysalydyr.

Halk Maslahatynyň Başlygy bu baradaky gürrüňi dowam edip, türkmen paýtagtynyň ajaýyp künjekleriniň birinde – Astana köçesinde meşhur gazak şahyry Abaý Kunanbaýewiň ýadygärliginiň oturdyljakdygyny habar berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Prezident Kasym-Žomart Tokaýewi Türkmenistana sapar bilen gelmäge hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek dabaralara gatnaşmaga çagyrdy.

Gazagystanyň Baştutany çakylygy hoşallyk bilen kabul edip, Aşgabatda geçiriljek duşuşygyň hem-de onuň jemleri boýunça gazanyljak ylalaşyklaryň türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Gazagystanyň Prezidentiniň şu ýylyň oktýabrynda Türkmenistana amala aşyrjak saparyna taýýarlyk meselelerine garaldy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri we Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň halklaryna parahatçylyk, ösüş, abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi