icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img

05 mart 2025

1131

Türkmenistanda Ispaniýa Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady

2025-nji ýylyň 4-nji martynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rikardo Martines Waskesden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Ispaniýanyň ýolbaşçylarynyň Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny, ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň barşynda diplomat Türkmenistanyň içeri hem-de daşary syýasatynyň esasy ugurlary, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli milli maksatnamalar, durmuşa geçirilýän özgertmeler bilen tanyşdyryldy.

Bellenilişi ýaly, Ýewropa ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunda Ispaniýa bilen dostlukly gatnaşyklaryň, netijeli döwletara dialogyň pugtalandyrylmagyna hem aýratyn ähmiýet berilýär.

Şeýle hem diplomata Mejlisiň düzümi we dürli ulgamlarda amala aşyrylýan özgertmeleriň kanunçylyk binýadyny üpjün etmek boýunça alyp barýan işleri barada maglumat berildi.

Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rikardo Martines Waskes netijeli duşuşyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtady we iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi