14 aprel 2025
5062
BMG-niň Baş Assambleýasynyň «BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnamasy kabul edildi
2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Oňa laýyklykda, Baş Assambleýa tarapyndan halkara maslahaty şu ýylyň 5 – 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirmek kesgitlenildi.
Munuň özi ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň we olaryň halkara giňişlikde uly ähmiýete eýediginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.
Başga habarlar
13
May
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy Baku şäherine iş sapary bilen geldi
13
May
BAE-niň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk barada
13
May
Türkmenistanyň DIM-nde Ýewropanyň Maglumat-seljeriş kollejiniň wekili bilen duşuşyk geçirildi
13
May
Baku halkara deňiz portunda «Gadamly» gury ýük gämisiniň dabaraly garşy alyş çäresi geçirildi
13
May
Gahryman Arkadagymyz Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy bilen duşuşdy
Ähli habarlary görmek