icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img

17 iýun 2025

786

Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady

2025-nji ýylyň 17-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilýän «Merkezi Aziýa - Hytaý» sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady.

Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Biraz wagtdan döwlet Baştutanymyzyň uçary Astananyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy.

Bu ýerde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar, şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň binýadyny goýan hem-de Prezident Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda  üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynda Hytaý Halk Respublikasy bilen ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşdäki gatnaşyklara möhüm ähmiýet berilýär.

Türkmenistanyň «Merkezi Aziýa - Hytaý» formatynda ikinji gezek geçirilýän sammite gatnaşmagy munuň aýdyň beýanydyr. Sammitiň çäginde sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, syýasy dialogy giňeltmek, söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, ulag-üstaşyr integrasiýany ilerletmek, energetika, innowasiýa we durnukly ösüş bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi