icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img

25 iýun 2025

1519

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Fransiýa Respublikasynyň senatory, Fransiýa – Merkezi Aziýa parlament dostluk toparynyň agzasy bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Fransiýa Respublikasynyň senatory, Fransiýa – Merkezi Aziýa parlament dostluk toparynyň agzasy Samanta Kazebon bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar parlamentara, hususan-da Fransiýa-Merkezi Aziýa parlament dostluk toparynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň orny barada belläp geçdiler.

Şeýle-de taraplar iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmegiň wajyplygyny nygtadylar.

Duşuşygyň dowamynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyga, hususan-da iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns çekildi.

Türkmenistanyň bitaraplyk derejesini goldaýandygy hem-de halkara guramalaryň çäklerindäki gatnaşyklar üçin minnetdarlyk bildirip, M.Bäşimowa türkmen tarapynyň işjeň parlamentara dialogy ösdürmäge bolan taýýarlygyny tassyklady.

Taraplar iň ýokary we parlament derejedäki saparlaryň guralmagynyň ähmiýeti barada bellediler. 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi