27 iýun 2025
2740
UKEF-iň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 27-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň UK Export Finance (UKEF) kompaniýasynyň Türkiýe, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin ýolbaşçysy Şebnem Alpyň ýolbaşçylygyndaky UKEF-iň wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady we maýa goýum ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Türkmenistanda infrastruktura we eksporta gönükdirilen taslamalar bilen baglanyşykly tekliplere garaldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy berkitmäge ygrarlylygy beýan etdiler we durnukly ykdysady ösüşe gönükdirilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mehanizmlerini ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.
Başga habarlar
08
May
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrini kabul etdi
07
May
Aşgabatda türkmen-gruzin ykdysady hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
06
May
Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara ulag forumynyň her ýylky sammitine
05
May
Türkmenistanyň wekiliýeti «Yerevan Dialogue 2026» halkara forumyna gatnaşýar
05
May
Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy
Ähli habarlary görmek