icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img
img
img
img
img

03 iýul 2025

981

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy geçirildi

2025-nji ýylyň 3-nji iýulynda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistan Daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi.

Söhbetdeşligiň başynda Ministr Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ýollanan mähirli salamy we iň gowy arzuwlary ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm taraplary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söwda-ykdysady, energetika we ulag-aragatnaşyk pudaklarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berildi. Iki ýurduň ösüşine itergi berýän bilelikdäki taslamalaryň ähmiýeti nygtaldy.

Mundan başga-da, söhbetdeşler medeniýet, bilim we beýleki jemgyýetçilik ugurlaryndaky gatnaşyklary berkitmegiň ähmiýetini bellediler.

Taraplar iki ýurduň halklarynyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ynam bildirdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi