23 iýul 2025
4888
Türkmenistanyň we San-Marino Respublikasynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
2025-nji ýylyň 23-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen San Marinonyň Daşary işler, syýasy meseleler, halkara ykdysady hyzmatdaşlyk we sanly geçiş boýunça ministri Luka Bekkariniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem halkara düzümleriň çäginde özara gatnaşyklary mundan beýläk hem pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirdiler.
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC 3) gün tertibiniň esasy ugurlary boýunça pikir alyşyldy.
Başga habarlar
17
Aug
Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda ileri tutýan ugurlary
15
Aug
Türkiýe Respublikasynyň Ilçisi Türkmenistanda diplomatik wezipesini tamamlaýar
15
Aug
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Bangladeş Halk Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň wekiliýeti bilen duşuşdy
15
Aug
Aşgabatda ilkinji türkmen-bangladeş syýasy geňeşmeler geçirildi
13
Aug
Hazar deňziniň güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat
Ähli habarlary görmek