icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img
img
img

22 oktýabr 2025

1422

Türkmenistan we Gruziýa parlamentara dialogy pugtalandyrmagy maksat edinýär

2025-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Gruziýanyň Parlamentinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Şalwa Papuaşwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň berkidilmeginiň möhüm şerti bolup hyzmat edýän we ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolan parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri parlament diplomatiýasynyň daşary syýasatda eýeleýän aýratyn ornuny bellemek bilen, bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de depginli ösmegine hyzmat edýändigini nygtady. Şeýle hem Türkmenistanyň we Gruziýanyň arasyndaky syýasy gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykandygyny we ýokary depgin bilen ösýändigini bellenildi.

Taraplar gatnaşyklary deňhukuklylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanmak arkaly mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, iki ýurduň halklarynyň bähbidine strategik hyzmatdaşlygy ilerletmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi