icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

04 fewral 2026

1207

Türkmenistanyň we BAE-niň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 3-nji fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ugurlarda türkmen-emirlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm goşant goşmaga gönükdirilen häzirki Bütindünýä hökümet sammitiniň ähmiýetini nygtady.

Diplomatlar Türkmenistanyň we BAE-niň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijelidigini bellediler. Şeýle hem halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde iki ýurduň özara goldawa esaslanýan hyzmatdaşlygy aýratyn nygtaldy.

Mundan başga-da, taraplar ikitaraplaýyn syýasy gatnaşyklary giňeltmegiň çäklerinde şu ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi