icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img

03 fewral 2026

80

Rumyniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi bilen geçirilen duşuşyk barada

2026-njy ýylyň 3-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Rumyniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ion Nawalyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar ikitaraplaýyn saparlaryň, şeýle hem köptaraplaýyn meýdançalaryň çäklerinde ýokary we iň ýokary derejedäki duşuşyklaryň gurnamagyň zerurdygyny bellediler.

Daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri, şeýle hem Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-rumyn hökümetara toparynyň mejlislerini we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň beýleki formatlaryny yzygiderli esasda geçirmegiň möhümdigi nygtaldy.

Duşuşygyň netijeleri boýunça söhbetdeşler Türkmenistanyň we Rumyniýanyň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hem-de netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan özara gyzyklanmalaryny tassykladylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi