icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img

06 noýabr 2025

3449

«C5+1» köptaraplaýyn formatyň esaslandyrylmagy mynasybetli ýubileý kabul edişlik

2025-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Waşington şäherinde, ABŞ-niň Döwlet departamentiniň binasynda «C5+1» köptaraplaýyn formatyň esaslandyrylmagynyň ýubileý duşuşyklaryna bagyşlanan dabaraly kabul edişlik geçirildi.

Çärä Merkezi Aziýa döwletleriniň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem ABŞ-niň Kongresiniň senatorylary we Wekiller palatasynyň agzalary, döwlet edaralarynyň işgärleri hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-niň işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Kabul edişligiň dowamynda «C5+1» formatynyň döredilmeginiň şanly senesine bagyşlanan şu taryhy wakanyň oňa gatnaşyjy ýurtlaryň arasyndaky sebitara gatnaşyklary, köpugurly hyzmatdaşlygy we özara düşünişmegi mundan beýläk-de berkitmekde möhüm ähmiýete eýedigi nygtaldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi