

2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelen San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Karlos Manuel Wila Nowa bilen duşuşdy.
Döwlet Baştutanymyz Prezident Karlos Manuel Wila Nowany mähirli mübärekläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara foruma gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edip, Türkmenistana sapar bilen gelendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.
San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti foruma gatnaşmaga çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, sebitde we dünýäde parahatçylygyň pugtalandyrylmagy ugrunda çykyş edýän Bitarap Türkmenistanda saparda bolmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy, şeýle hem pursatdan peýdalanyp, Prezident Serdar Berdimuhamedowy Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň döwlet Baştutanynyň bu ýokary wekilçilikli foruma gatnaşmagynyň onuň Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny goldaýandygynyň we parahatçylyk ýörelgelerine berýän möhüm ähmiýetiniň görkezijisi bolup durýandygyny aýdyp, halkara forumyň ählumumy parahatçylygy, ynanyşmak medeniýetini pugtalandyrmakda, häzirki zamanyň derwaýys meseleleriniň çözgütlerini bilelikde işläp taýýarlamakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny belledi. Prezident Serdar Berdimuhamedow Prezident Karlos Manuel Wila Nowanyň Türkmenistana saparynyň netijeleriniň Türkmenistan bilen San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň uly mümkinçilikleriniň bardygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz Prezident Karlos Manuel Wila Nowanyň şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşandygyny belläp, bu saparyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda möhüm ähmiýetli waka bolandygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde dostlukly ýurduň döwlet Baştutanyny paýtagtymyz Aşgabat şäherinde kabul edýändigine kanagatlanma bildirip, şu gezekki saparyň üstünliklere beslenip, Türkmenistan bilen San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Karlos Manuel Wila Nowa iki ýurduň hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlydygyny tassyklap, birek-birege alyp barýan jogapkärli döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdiler.