icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img

13 dekabr 2025

70

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Baş direktory bilen duşuşygy

2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Baş direktory Salim Al Malik bilen duşuşdy.

Salim Al Malik türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guralan halkara foruma gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirdi. Şeýle hem myhman Türkmenistanda milli taryhy-medeni gymmatlyklary gorap saklamak, wagyz etmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işlere ýokary baha berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Salim Al Maligi mähirli mübärekläp, onuň saparynyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary boýunça pikir alyşmaga, Türkmenistan bilen Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga gowy mümkinçiligiň boljakdygyna ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen halkynyň baý taryhynyň, yslam dini bilen bagly mirasynyň, ruhy-medeni gymmatlyklarynyň bardygyny aýdyp, ýurdumyzyň halklarymyzy ýakynlaşdyrmakda köpri hökmünde hyzmat etjek Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen hyzmatdaşlygy anyk ugurlar boýunça giňeltmäge taýýardygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow wekilçilikli foruma we baýramçylyk çärelerine gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Baş direktory Salim Al Malige minnetdarlyk bildirip, oňa alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi