icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

18 dekabr 2025

1888

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa iş sapary başlandy

2025-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa - Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Ýaponiýa ugrady.

Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentini ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Ýaponiýa şu gezekki sapary Prezident Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň dowamynda bu ýurda amala aşyrýan ikinji saparydyr. Aprel aýynda döwlet Baştutanymyz Ýaponiýa sapary amala aşyryp, onuň dowamynda “EKSPO - 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabara gatnaşdy, şeýle-de ýokary derejedäki duşuşyklary geçirdi.

Tokio şäheriniň Haneda Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyz resmi adamlar tarapyndan mähirli garşylanyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş sapary dowam edýär.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi