

2026-njy ýylyň 24-nji fewralynda Tbilisi şäherine amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwili tarapyndan kabul edildi.
Duşuşygyň başynda Mejlisiň ýolbaşçysy Gruziýanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda taraplar syýasy, ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde ýakyn gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Bu düzümlerde ýurtlar birek-biregiň konstruktiw başlangyçlaryna yzygiderli goldaw berýärler.
Şunuň bilen baglylykda, resmi saparlaryň we parlamentara gepleşikleriň strategik hyzmatdaşlygy berkitmekde esasy şert bolup hyzmat edýändigi bellenildi.
Şol gün Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze bilen hem duşuşygy geçirildi. Gruziýanyň Hökümetiniň ýolbaşçysyna hem Türkmenistanyň ýokary ýolbaşçylygynyň adyndan salamlar ýetirildi.
Gepleşikleriň çäklerinde söwda-ykdysady gatnaşyklary we medeni-ynsanperwer alşygy ösdürmäge üns berlip, türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyna we geljegine giňişleýin seredildi.
Söhbetdeşler parlamentara gatnaşyklaryň berkidilmeginiň döwletara gatnaşyklary işjeňleşdirmek we açyk, ynanyşmaga daýanýan gepleşikleri saklamak üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýändigini tassykladylar.
Duşuşyklaryň jemleri boýunça taraplar özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge ygrarlydyklaryny beýan etdiler we iki dostlukly halkyň bähbidine täze bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.