icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img

25 fewral 2026

138

Türkmenistan we BMG hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň çäklerindäki gazanylan üstünlikleri we geljekki ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar

2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda gibrid görnüşde Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Ýolbaşçy komitetiň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçy düzümi we işgärleri, ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň düzüm birlikleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Çäre 2025-nji ýylda alnyp barlan bilelikdäki işleriň jemlerine, şeýle hem 2026-njy ýyl üçin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna we bilelikdäki iş meýilnamalaryna bagyşlandy.

Mejlisiň dowamynda gatnaşyjylar Çarçuwaly maksatnamany amala aşyrmakda gazanylan esasy üstünliklere seretdiler, Türkmenistan bilen BMG-niň mundan beýläkki özara hyzmatdaşlygynyň meselelerini we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem maksatnamalaýyn işleri meýilleşdirmegiň we Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmekde gazanylan ösüşe baha bermegiň esasy bolup hyzmat edýän Umumy ýurt seljermesiniň netijeleri bilen tanyşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa mejlisde çykyş etmek bilen hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň ulgamynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýän esasy strategik resminamadygyny belledi.

Çarçuwaly maksatnamanyň BMG we onuň edaralary bilen hyzmatdaşlygyň berk we uzakmöhletleýin binýadyny döredýändigi hem-de ýurduň sebit we ählumumy derejelerdäki ornuny berkidýändigi nygtaldy. 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda BMG-niň gününiň bellenilmeginiň çäklerinde 2026–2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyna gol çekildi.

Türkmen tarapy bilelikdäki işleriň iň esasylarynyň biri hökmünde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygyna hem-de Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp Aşgabatda geçirilen Halkara forumyň çykyş edendigi tassyklady.

Bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň BMG we onuň agza döwletleri bilen geljekki hyzmatdaşlygy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda öňe sürülen milli ileri tutulýan ugurlar bilen aýrylmaz baglanyşykly bolar. Parahatçylyk, ekologiýa gün tertibi, durmuş abadançylygy we halkara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üns merkezinde saklanar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi