

2026-njy ýylyň 13-nji martynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy hanym Bilýana Miloşewiç bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ynsanperwer hyzmatdaşlygyň häzirki zaman meselelerini, şeýle hem Türkmenistan bilen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmen tarapy Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesine esaslanyp, parahatçylygy, ynanyşmagy we netijeli halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga yzygiderli goşant goşýandygyny nygtady. Şeýle hem sebitleýin howpsuzlygyň ynsanperwer ölçeglerine we raýat ilatynyň goraglylyk meselelerine aýratyn ähmiýet berilýändigi bellenildi.
Türkmenistanyň halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryna üýtgewsiz ygrarlydygy hem-de ynsanperwer ugurly işde ynsançylyk, bitaraplyk, tarapgöýsüzlik we garaşsyzlyk ýaly esasy ýörelgelerini goldaýandygy tassyklanyldy. Türkmen tarapy ynsanperwerlik taýdan çylşyrymly ýagdaýlara düşen adamlara kömek bermekde hem-de halkara ynsanperwer hukugyny ilerletmekde Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň alyp barýan işlerine ýokary baha berdi.
Taraplar Türkmenistanyň Prezidentiniň 2028-nji ýyly Halkara hukugynyň ýyly diýip yglan etmek baradaky başlangyjyny durmuşa geçirmek boýunça pikir alyşdylar.
Şeýle hem söhbetdeşler sebitde ynsanperwer ýagdaýyň monitoringi bilen bagly meseleleri we hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini, şol sanda tejribe alyşmak, bilermenler derejesinde maslahatlaşmalary geçirmek hem-de bilelikdäki okuw çärelerini guramak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şunda ynsanperwerlik ugurda dessin çäre görmäge gatnaşýan milli düzümleriň mümkinçiliklerini pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.