icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img

13 noýabr 2023

4839

Türkmenistanyň mekdep okuwçylary “Sakura” maksatnamasyna gatnaşdylar

2023-nji ýylyň 4-11-nji noýabry aralygynda Tokioda geçirilen “Sakura” ylmy alyş-çalyş maksatnamasyna Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylary gatnaşdylar.

Bu maksatnamanyň işiniň çäklerinde çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow 2023-nji ýylyň Türkmenistanda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilendigi we halkara derejesinde ýaşlar syýasaty babatynda geçirilýän çäreleriň ilerledilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendigi barada belledi.

“Sakura” halkara maksatnamasy dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen mekdep okuwçylarynyň we ýaşlaryň  ylym, bilim, medeniýet we sport ulgamlarynda özara tejribe alyşmaklary üçin uly ähmiýete eýe boldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi