icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img
img
img

20 noýabr 2023

1267

Bakuda Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara ylmy maslahat geçirildi

2023-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Azerbaýjanyň milli Ylymlar akademiýasynyň Muhammet Fizuly adyndaky Golýazmalar institutynyň mejlisler zalynda Gündogaryň nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara ylmy maslahat geçirildi.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyplary, Azerbaýjanyň milli Ylymlar Akademiýasynyň Nyzamy Genjewi adyndaky edebiýat institutynyň we Muhammet Fizuly adyndaky Golýazmalar institutynyň ýolbaşçylary hem alymlary gatnaşdylar. Duşuşykda Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Isa Habibeýli, Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçisi G.Elýasow, türkmen we azerbaýjan alymlary Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, onuň eserleriniň umumadamzat derejesindäki  ähmiýeti barada çykyş etdiler.

Çäräniň dowamynda Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň Magtymguly Pyragy barada surata düşürilen “Hakyň guly - Magtymguly” atly çeper filmi görkezildi.

Halkara ylmy maslahatyň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi