icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

29 noýabr 2023

994

Yslamabatda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi

2023-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Pakistan Yslam Respublikasyndaky Türkmenistanyň ilçihanasy Pakistan Yslam Respublikasynyň Parahatçylygy öwreniş we diplomatiýa instituty bilen bilelikde Gündogaryň nusgawy şahyry we beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Magtymguly Pyragy we häzirki zamanda halklaryň dostlugy” atly ylmy-amaly maslahaty geçirdi.

Maslahatda çykyş eden Pakistanyň Milli miras we medeniýet boýunça federal ministri Saýed Jamal Şah Magtymguly Pragynyň baý mirasyna ýokary baha berdi hem-de-ynsnaperwer ugurda ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň maksadalaýykdygyny belledi.

Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçisi A.Mäwlamow öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna girizilen türkmen şahyry, Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň öwrenilmeginiň halkara hyzmatdaşlygy berkitmekde we giňeltmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny we şeýlelik bilen häzirki ylmy-amaly maslahatyň 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny bellemäge mynasyp goşantdyr.

Maslahata gatnaşyjylar bu çäräniň ähmiýetini bellediler we medeni-ynsanperwer ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy dowam etdirmek baradaky umumy islegini beýan etdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi