icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

04 dekabr 2023

1261

Türkmenistanyň wekiliýeti 5-nji Bütindünýä Metbugat sammitine gatnaşýar

2023-nji ýylyň 2-6-njy dekabry aralygynda Hytaýyň Guandun welaýatynyň Guançžou şäherinde 5-nji Bütindünýä Metbugat sammiti geçirilýär, oňa Daşary işler ministrliginiň, TDH we «Media-Türkmen» habarlar agentliginiň wekillerinden ybarat bolan Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşýar.

2023-nji ýylyň 3-nji dekabrynda «Dünýädäki ynamy güýçlendirmek, metbugatyň ösüşini ýokarlandyrmak» şygary astynda geçirilen Forumyň resmi açylyş dabarasynda, «Sinhua» habarlar agentliginiň baş direktory, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň wagyz bölüminiň başlygynyň orunbasary, Guandun welaýatynyň häkimi we Guançžou şäheriniň häkimi dagylar çykyş etdiler. Şeýle hem ýygnananlara Global aragatnaşyk boýunça BMG-niň baş sekretaryň orunbasary, Ýaponiýanyň «Kyodo News» habarlar gullugynyň  prezidenti, «Reuters»  habarlar gullugynyň başlygy, şeýle hem  «People's Daily»-niň, «Associated Press»-iň, «Agence France-Presse»-iň ýolbaşçylary we beýlekiler çykyş bilen ýüzlendiler.  

Umumy mejlisden soň, 5-nji Bütindünýä Metbugat sammitiniň bilelikdäki Beýannamasy çap edildi.

2023-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Forumyň işiniň barşynda gatnaşyjylar aşakdaky temalary ara alyp maslahatlaşdylar: media pudagynyň global kynçylyklaryny nädip çözüp boljakdygyny öwrenmek maksady bilen, «Ynamy berkitmek: metbugatyň adam ösüşini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmakdaky orny», «Üýtgeşmeleri kabul etmek: metbugatyň täze tehnologiki mümkinçiliklere we kynçylyklara beren jogaby», «Pioner innowasiýalary: sanly tehnologiýalar döwründe täze media bazarlary» we «Ösüşiň gözleginde: has gowy gelejek üçin global media hyzmatdaşlygy».

Çärä gatnaşyjylar öz çykyşlarynda global metbugat guramalaryny has uly durnuklylygy üpjün etmek hem-de biziň üýtgäp durýan dünýämize oňyn energiýa getirmek maksady bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge, dünýä metbugat pudagynyň umumy ösüşini ýokarlandyrmaga we dürli taryhy geçmişi, medeni däp-dessurlary we ösüş derejeleri bolan ýurtlar bilen halklaryň arasynda özara düşünişmegi we aragatnaşygy ösdürmäge çagyrdylar.  

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi