icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img
img
img

09 dekabr 2023

2307

Berlinde “Magtymgulynyň şygyryýetiniň ýewropaly alymlar tarapyndan öwrenilişi” atly halkara ylmy maslahaty geçirildi

2023-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda “Magtymgulynyň şygyryýetiniň ýewropaly alymlar tarapyndan öwrenilişi” atly halkara ylmy maslahaty geçirildi.

Maslahata Berlin şäherinde ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, Germaniýanyň ýokary okuw jaýlarynyň pofessor mugallymlary hem-de bu ýerde bilim alýan we ýaşaýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Magtumguly Pyragynyň şygyrlary, şahyryň durmuş ýoly, döredijilik mirasy we pelsepe garaýyşlary barada maslahatlaşdylar we onuň şygyrlarynyň dünýä edebiýatynda ornuny belläp geçdiler.

Mundan başgada maslahatyň dowamynda Magtumguly Pyragynyň nemes dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy we  çärä gatnaşyjylara nemes dilindäki goşgylar ýygyndysy paýlanyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi