icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

16 dekabr 2023

1494

Türkmenistanyň Hindistandaky ilçihanasynyň wekilleriniň Haýdarabadyň we Punanyň ýokary okuw mekdeplerindäki duşuşyklary

Türkmenistanyň Hindistandaky ilçihanasynyň wekilleri Haýdarabat we Puna şäherlerine iş saparyny amala aşyryp, ýokary hem-de orta okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary hem-de türkmen talyplary bilen duşuşdylar.

Türkmen talyplary bilen geçirilen duşuşyklarda diplomatlar Türkmenistanda ýaşlar syýasatynyň durmuşa geçirilişi, ýaşlaryň ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer durmuşyndaky orny, şeýle-de Türkmenistanyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler barada gürrüň berdiler.

Diplomatlar Haýdarabadyň iri ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Osmaniýa Uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen duşuşdylar we onuň çäklerinde ikitaraplaýyn ylym, bilim we sport hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar.

Ýokarda agzalan ýokary okuw mekdeplerine amala aşyrylan saparyň çäklerinde türkmen we daşary ýurt talyplary üçin sport ýaryşlary hem gurnaldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi