icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

17 dekabr 2023

1670

Pariž şäherinde TÜRKSOÝ-yň 30 ýyllygyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara geçirildi

2023-nji ýylyň 15-nji dekabrynda BMG-niň ylym, bilim we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Pariždaky ştab-jaýynda TÜRKSOÝ-yň 30 ýyllygyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara geçirildi.

Dabara dünýäniň 7 ýurdundan 70-e golaý artistler we 1500-e golaý tomaşaçylar gatnaşdylar.

Çäre Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekilhanalary tarapyndan TÜRKSOÝ bilen hyzmatdaşlykda gurnaldy.

Aýdym-sazly dabara TÜRKSOÝ-yň baş sekretarynyň orunbasary Sait Ýusuf, ÝUNESKO-nyň 42-nji Baş Konferensiýasynyň Prezidenti Simona-Mirela Mikulesku, ÝUNESKO-nyň baş direktorynyň daşary aragatnaşyklar boýunça orunbasary Entoni Kwaku Ohemeng-Boama, Türki Döwletleriň Guramasynyň baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew, şeýle-de TÜRKSOÝ-a gatnaşyjy döwletleriň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hemişelik wekilleri we ilçileri gatnaşdylar.

Merkezi Aziýadan tä Anadola çenli aralykda ýerleşen türki halklaryň sazlary we milli aýdymlary ýaňlanan, şeýle-de sebitiň ýurtlarynyň milli egin-eşiklere geýinen artistleri tarapyndan ýerine ýetirilen milli tanslary tomaşyçalaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy.  

Türkmen artistleri türkmen milli tansy “Küşdepdini” ýerine ýetirdiler.

Küştdepdi kökleri münýyllyklardan alyp gaýdýan gadymy türkmen däpleriniň  häzirki wagtda sungatda şöhlelenmesiniň alamatydyr.

2017-nji ýylyň 7-nji dekabrynda ÝUNESKO-nyň Çeju şäherinde (Koreýa Respublikasy) Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça hökümetara komitetiniň 12-nji mejlisiniň dowamynda aýdym aýtmagyň we tans etmegiň “Küştdepdi” milli sungatynyň ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň Reprezentatiw sanawyna girizildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi