icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

18 dekabr 2023

1736

Tokioda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleri maslahatlaşyldy

2023-nji ýylyň 13-16-njy dekabry aralygynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky ykdysady wekiliýet Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy.

Saparyň çäklerinde Türkmen wekiliýetiniň agzalary Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Ýapon-Türkmen komitetiniň agzalary bilen bilelikdäki duşuşygy, Ýaponiýanyň hökümet edaralary, guramalary we maliýe institutlary, şeýle hem ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler.

Duşuşyklaryň dowamynda türkmen wekiliýeti ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini we energiýa pudagynda, şol sanda uglerodyň bitaraplygyny gazanmak ugrunda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy.

Saparyň netijeleri boýunça birnäçe resminamalara, şol sanda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Awiasiýa häkimýetleriniň arasynda göni howa gatnawuny ýola goýmak boýunça gepleşikler geçirildi we onuň netijeleri boýunça degişli resminama gol çekildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi