icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

25 dekabr 2023

1565

Türkmenistanyň Ilçihanasy Duşenbe şäherinde geçirilen Halkara festiwala gatnaşdy

2023-nji ýylyň 23-nji dekabrynda Duşenbe şäherinde “Gündogar-Günbatar: GDA-nyň medeni giňişliginde aýdym-saz däpleri we ýewraziýa halk sungaty” atly Halkara festiwaly geçirildi. Sergi meýdanynda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan sergi burçy guraldy.

Sergä gatnaşyjylar türkmen halkynyň medeni gymmatlyklary, milli halylar we keşdeler, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri we Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda häzirkizaman gazananlaryny görkezýän maglumatlar bilen tanyşdylar.

Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet ministrligi tarapyndan gurnalan bu çärä ýurtda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, habar beriş serişdeleriniň, ylmy intelligensiýanyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şeýle hem Täjigistanyň we daşary ýurtlardan döredijilik toparlary gatnaşdy.

Halkara festiwalyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasy Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň diplomy bilen sylaglandy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi