icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

17 mart 2017

333

Burkina-Faso Halkara Energetika Hartiýasyna gol çekdi

2017-nji ýylyň 16-njy martynda Burkina-Fasonyň Belgiýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi we Ýewropa Bileleşiginiň ýanyndaky Hemişelik wekili Žaklin Mari Zaba Nikima Halkara Energetika Hartiýasyna gol çekdi.

Burkina-Faso Benin, Çad, Mawritaniýa, Niger, Nigeriýa we Burkina-Fasonyň agza bolup durýan ECOWAS  we G5 Sahel ýaly iki sany sebitleýin guramalaryndan soňra gol çekiji ýurt bolup durýar. Ilçi Zaba Nikimanyň aýdyşyna görä Burkina-Faso Energetika Hartiýasyna «ýurtlaryň arasynda özarabähbitli hyzmatdaşlygyny berkitmäge gatnaşmak» maksady bilen gol çekdi. Energetika bazarlarynda ynamyň berkemegini maksat edinýän afrika ýurtlarynyň Energetika Hartiýasynyň işine gatnaşmagynyň artmagy Energetika Hartiýasynyň Ylalaşýan taraplary tarapyndan makullanýar we höweslendirilýär.

Gol çekmek dabarasy Durmuşa geçirilmegi boýunça toparynyň mejlisiniň çäginde geçirildi. Mejlisiň dowamynda şu ýyl Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk edýän ýurt Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi we Energetika Hartiýasynyň dipozitariýi bolup durýan Niderlandlaryň Ýewropa Bileleşiginiň ýanyndaky Doly ygtyýarly ministri we Hemişelik wekiliniň orunbasary çykyş etdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi