icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

22 ýanwar 2024

1004

“Ak dost” atly türkmen alabaýy Russiýanyň çempiony boldy

2024-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparynyň barşynda Russiýanyň kinologiýa federasiýasyndan “Ak dost” atly türkmen alabaýynyň halkara üstünlikleri boýunça habaryň gelip gowuşandygyny aýtdy. Bu babatynda türkmen halkynyň Milli Lideri Halkara Ahalteke atçylyk hem-de Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýalarynyň wise-prezidentine Russiýada geçirilen bäsleşiklerde ýeňiji bolandygyny tassyklaýan şahadatnamalary gowşurdy.

2021-nji ýylda Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa sowgat berlen Akdost (Akdus) atly türkmen alabaýy «Merkezi Aziýa owçarkasy» diýen ýaryşda iki ugur boýunça Russiýanyň çempiony boldy. Ýaryşa tutuş Russiýa boýunça 200-e golaý it gatnaşdy.

Ol birinji sylaga şu ýylyň 15-nji ýanwarynda arassa ganlylygy we owadanlygy üçin mynasyp boldy. Bu ugurda gatnaşyjylaryň boýuna, agramyna, beden gurluşyna, gözelligine we Merkezi Aziýa owçarkalarynyň umumy ykrar edilen talaplaryna laýyk gelýändigine üns berilýär. Ikinji sylaga bolsa ol 17-nji ýanwarda düşbüligi, ünslüligi üçin mynasyp boldy.

Ak dost Russiýanyň dürli şäherlerinde geçirilen birnäçe sergilere we bäsleşiklere gatnaşyp, tejribe toplady. Itleriň dürli tohumlarynyň gatnaşmagynda geçirilen ýaryşda “Ak dostyň” ýeňiş gazanmagy türkmen alabaýlarynyň hemmetaraplaýynlygynyň subutnamasydyr. 

Häzirki wagtda türkmen alabaýy dünýäde iň meşhur tohumlaryň biridir. Alty müňýyllyk taryhy bolan alabaýlar eýesine wepaly bolmak bilen bir hatarda, emlägi we goýun sürülerini ygtybarly goramaga hem ukyplydyrlar. Alabaýyň arassa ganlylygyny saklamak boýunça seleksiýa işleriniň netijesinde türkmen alabaýynyň ilkinji görnüşindäki keşbi biziň günlerimize hem gelip ýetipdir.

 Ýurdumyzda her ýyl Türkmen alabaýynyň baýramy bellenilip geçilýär, «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly ýaryş gurnalýar, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy we türkmen alabaýlarynyň muzeýi hereket edýär.

Alabaýlar türkmen halkynyň durmuşyna mäkäm ornaşdy. Paýtagtymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany hökmünde Wepaly atly alabaýyň şekili seçilip alyndy. Türkmen paýtagtynda alabaý itiniň heýkeli döredildi.

Russiýanyň kinologiýa federasiýasy (RKF) 1991-nji ýylda döredildi hem-de kinologiýa guramalarynyň jemgyýetçilik birleşigi bolup durýar.

RKF halkara kinologiýa jemgyýetçiliginde Russiýanyň ýeke-täk resmi wekili bolup durýar hem-de Russiýanyň iri itşynaslyk birleşigi hasaplanýar. RKF-iň düzümine Russiýanyň Gulluk itşynaslygy federasiýasy, Russiýanyň Awçylyk itşynaslygy federasiýasy, Russiýanyň Höwesjeňleriň itşynaslygy federasiýasy, Garaşsyz itşynaslaryň jemgyýetçilik birleşikleriniň ählirussiýa assosiasiýasy girýär.

Häzirki döwürde Russiýanyň kinologiýa federasiýasy Russiýanyň iň iri itşynaslyk guramasy bolup durýar. Russiýanyň kinologiýa federasiýasynyň tohum kitabynda takmynan 5,5 million it, 1 427 kinologiýa kluby, ýurduň ähli sebitinden 22 358-e golaý it saklanýan desgalar hasaba alnandyr.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi