icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

24 ýanwar 2024

1165

Tbilisi şäherinde 2024-nji ýyl – “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygaryna bagyşlanan tegelek stol geçirildi

2024-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasynyň binasynda 2024-nji ýyl – «Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygaryna bagyşlanan tegelek stol geçirildi.

Tegelek stoluň işine «TV-24», «1TV» teleýaýlymlarynyň, «The Georgian Business Week», «News Day Georgia», «Inter Press News» habarlar agentlikleriniň, «Geoecohub» onlaýn neşiriniň wekilleri, şeýle hem «Резонанс», «Многонациональная Грузия», «Свободная Грузия», «Комсомольская правда» gazetleriniň žurnalistleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi D.Seýitmämmedow öz çykyşynda 2024-nji ýylda döredijiliginiň bahasyna ýetip bolmajak milli mirasy bilen dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry, türkmen edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde dabaraly bellenilip geçirilýändigi barada aýtdy. Ilçi, bu sene bagyşlanyp meýilleşdirilýän ýokary derejedäki dabaraly çäreler barada giňişleýin gürrüň berdi.

Ilçi öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň jemlerine bagyşlap ýazan «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň çapdan çykandygyny aýtdy. Ol sözüni dowam etmek bilen, ýurdumyzyň bagtly we ýagty geljegi üçin döwlet gurluşygynda ýaşlaryň ornuny ýokarlandyrmakda türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başyny başlan asylly işleriň Türkmenistanyň hormatly Prezidenti tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýändigini aýratyn belläp geçdi.

Bu tegelek stola gatnaşyjylarynyň çykyşlarynda iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklary berkitmekde şular ýaly çäreleri geçirmegiň möhümdigi nygtadylar.

Hususan-da, Gruziýanyň at gazanan žurnalisti, professor Badri Naçkebia öz çykyşynda türkmen-gruzin gatnaşyklarynda medeni-ynsanperwer ugry döwletara gepleşikleriň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny, bu ugurda Türkmenistan bilen Gruziýa bilelikde alyp barýan işleri döredijilik hyzmatdaşlygyň ajaýyp däpleriniň bardygyny belläp geçdi.

“Geoecohub” elektron neşiriniň Baş redaktory Liana Žoržoliani çykyşynda diňe bir türkmen edebiýatyny däl, eýsem dünýä edebiýatyny hem ýokarlandyrýan ajaýyp söz ussady we filosof-şahyr Magtymguly Pyragynyň ýubileýine bagyşlanan çäreleriň onuň baý edebi mirasynyň dünýäde has giňişleýin öwrenilmegine we giňden wagyz edilmegine goşant goşjakdygyny aýratyn belläp geçdi.

Tegelek stoluň ahyrynda oňa gatnaşyjylara Magtymguly Pyraga bagyşlanan film görkezildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi