icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

24 ýanwar 2024

942

Pekin şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

2024-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Çärä Hytaý milli wekilçiliginiň Uniwersitetiniň professor-mugallymlary Hu Çženhua we Minawar Aýbibulla, Hytaý atçylyk guramasy assosiasiýasynyň Baş sekretary Ýue Gaofen, Hytaý-türkmen dostluk merkeziniň başlygynyň orunbasary An Szinlun, Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dabaraly çäräniň dowamynda 2024-nji ýylyň "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" we şu ýylyň TÜRKSOÝ guramasy tarapyndan Änew şäheriniň Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýip yglan edilmegi mynasybetli tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi.

Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki hem-de nesilleriň arabaglanyşygyny berkitmekdäki orny, hytaý we türkmen ýaşlarynyň arasyndaky dostluk gatnaşyklary dogrusynda belläp geçdiler.

Şeýle-de, şu ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara çäreleri geçirmek we olara taýýarlyk görmek boýunça pikir alyşmalar gurnaldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi