icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img

24 ýanwar 2024

2678

Türkmenistanyň Ilçisiniň Malaýziýanyň Parlamentiniň wekiller Palatasynyň Başlygy bilen duşuşygy

2024-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi M.Maşalow bilen Malaýziýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň başlygy Tan Sri Dato Johari Abdulyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlyk ornuny berkitmekde Türkmenistanyň Mejlisiniň we Malaýziýanyň Parlamentiniň arasynda döredilen parlamentara dostluk toparynyň işiniň ýola goýulmagynyň möhüm gurallarynyň biri bolup durýandygy barada nygtap geçdiler.

Şeýle-de, Malaýziýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň başlygy Tan Sri Dato Johari Abdul, şu ýylyň dowamynda özüniň Türkmenistana saparyny amala aşyrmaklyga taýýardygyny mälim etdi. Ilçi hem öz gezeginde gelejekde amala aşyryljak saparlaryň iki ýurduň parlamentara gatnaşyklaryň bar bolan kuwwatyny artdyrmaga itergi berer diýip nygtady.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi