icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

26 ýanwar 2024

783

Daşkent şäherinde Türkmenistanyň medeni-ynsanperwer syýasatynyň ähmiýetine bagyşlanan brifing geçirildi

2024-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynda 2023-nji ýylyň jemlerine we 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanan brifing geçirildi.

Bu çärä Daşary işler ministrliginiň, Özbegistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň, döredijilik we ylmy intelegensiýanyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdy.

Brifingiň dowamynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” şygary astynda geçen 2023-nji ýylyň dowamynda içeri we daşary syýasatynda möhüm wakalar bilen beslenen Türkmen döwletiniň ýeten sepgitleri bellenildi.

Şeýle hem, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly türkmen ýaşlarynyň durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda alyp barýan işlerine we üstünliklerine bagyşlanan ilkinji kitabynyň diňe bir ösüp gelýän ýaş nesliň wekilleri üçin däl-de, eýsem ýurduň ähli raýatlary üçin ýankitabyna öwrülendigi barada bellenildi.

Mundan başga-da, çäräniň dowamynda türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli milli we halkara derejesinde birnäçe çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýan 2024-nji ýyl “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmeginiň möhümdigi bellenildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi