icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

26 ýanwar 2024

794

Bişkekde ylmy-medeni çäre gurnaldy

2024-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Gyrgyzystan Respublikasyndaky Ilçihanasynda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli brifing geçirildi.

Agzalan çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Çärä Gyrgyzystanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň Ç.Aýtmatow adyndaky Dil we edebiýat institutynyň ýolbaşçy düzümi, Ž.Balasagyn adyndaky Gyrgyz milli uniwersitetin rektorlygy, GR-nyň DIM-niň Diplomatik akademiýasy, KHBS-niň wekilleri, öňdebaryjy syýasatşynaslar, Bişkegiň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary we türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Brifingiň dowamynda çykyş edenler dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen Magtymguly Pyragynyň döredijlik mirasynyň aýratyn ähmiýetini bellediler.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň nusgawy şahyrynyň baý döredijiliginiň häzirki nesiller tarapyndan çuňňur hormatlanýandygynyň nyşanyna öwrülen, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän 2024-nji ýylyň beýik şahyryň we filosofyň sarpasyna bagyşlanandygy barada bellenilip geçildi.

Gatnaşyjylar  tarapyndan türkmen halkynyň nusgawy şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň «Dünýäniň hakydasy» halkara sanawyna we onuň 300 ýyllyk ýubileýiniň ÝUNESKO-nyň şanly seneleriniň sanawyna girizilmeginiň, şeýle hem Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmeginiň derwaýyslygy nygtaldy.

Brifingiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti S.Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Ýaşlaryň Türkmenistanyň jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlaryna goşan uly goşantlarynyň bellenen Döwlet Baştutanymyzyň kitabynyň esasy  maksady döwletiň ösmeginde ýaşlaryň ornuny açyp görkezmek bolup durýar. Ýaş nesil jemgyýetiň esasy özenidir we onuň ösüşi ýurduň mundan beýläkki ösüşi üçin ileri tutulýan ugurdyr.

Şeýle hem gatnaşyjylara 2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilen Änew şäheri barada gürrüň berildi we ýurdumyzyň ýeten sepgitleri barada widoeşekiller görkezildi.

Brifinge gatnaşyjylar bu çäräniň iki dostlukly ýurduň arasyndaky ylmy-medeni alyş-çalyşyň indiki ädimi hökmünde çykyş edýändigini bellediler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi