icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

30 ýanwar 2024

767

Herýylky «Apelsinleriň festiwaly» geçirildi

2024-njy ýylyň 28 ýanwarynda Päkistanyň Penjab welaýatynyň taryhy Taksila şäherinde ýerleşen “Zaildar House” binasynda her ýylda däp bolşy ýaly belenýän «Orange festivali» geçirildi. Çäre bilelikde Yslamabatda akkreditirlenen diplomatik korpusynyň we harby attaşeleriniň duaýenleriniň edaralary, hem-de Elaan Research Centre merkeziniň wise-başlygy Zaildar Ahsan Shahyň ýakyndan gatnaşmagynda guraldy.

Çärä Päkistanyň Senatynyň başlygynyň orunbasary Mirza Mohammad Afridi, Päkistanyň wagtlaýyn Hökümetiniň agzalary, Islamabatda akkretitirlelen daşary ýurtly Ilçihanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, hem-de medeniýet we jemgyýetçilik işgärleri, biznesmenleri gatnaşdylar.

Päkistanyň Senatynyň başlygynyň orunbasary gatnaşyjylara ýüzlenip medeniýet diplomatiýasynyň bu ýurduň baý taryhy mirasyny halkara arenasynda tanatmakda wajyp orun eýeleýändigini belläp geçdi.

Öz nobatynda diplomatik korpusynyň Duaýeni, Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçisi А.Мöwlamow, bu geçirilýän çäräniň daşary ýurtly diplomatlaryň Päkistanyň medeniýeti we taryhy bilen has ýakyn tanyşmaga, hem-de dünýäniň ähli halklaryň arasynda özara düşünşmegiň berkidelmeginiň täsirli usuly bolýandygyny belläp geçdi.

Festiwala gelenler Päkistanyň baý medeniýeti we däpleri bilen ýakyndan tanyş bolmaga mümkinçilik döredenleri üçin onuň gurnaýjylaryna öz minnetdarlygyny bildirdiler. Daşary ýurtly myhmanlar ýerli köpçüliklein habar beriş serişdelerine berýän interwýularynda Päkistan bilen medeni we syýahatçylyk gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi