icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

30 ýanwar 2024

820

Türkmenistanyň Ilçisiniň Özbegistanyň Mirzo Ulugbek adyndaky milli uniwersitetiniň rektory bilen duşuşygy

2024-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi Ş.Meredow Özbegistanyň Mirzo Ulugbek adyndaky milli uniwersitetiniň rektory Inom Majidow bilen duşuşdy.

Duşuşykda taraplar iki ýurduň ylym-bilim babatyndaky hyzmatdaşlygyny we ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ýaşlar-Watanyň daýanjy” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyny we  Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreleri geçirmek meselelesini hem aratyn belläp geçdiler.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi Ş.Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ýaşlar-Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabyny Mirzo Ulugbek adyndaky milli uniwersitetiň rektoryna gowşurdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi