icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

31 ýanwar 2024

518

Türkmenistanyň we Ermenistanyň sport pudagyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M.Aýazowyň Ermenistan Respublikasynyň Bilim, ylym, medeniýet we sport ministriniň orunbasary K.Giloýan bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda iki döwletiň sport ulgamynda jogapkär döwlet edaralarynyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek meselelerine üns berildi. 

Кaren Giloýan Ermenistanyň Gýumri şäheriniň GDA döwletleriniň 2024-nji ýylda sport paýtagty hökmünde yglan edilendigini habar berdi. Şol bir wagtda 2024-nji ýylda bu şäherde GDA agza döwletleriň Bedenterbiýe we sport boýunça geňeşiniň maslahatynyň geçiriljekdigini mälim etdi. Şeýle hem, Ermenistanyň 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan GDA döwletleriniň Bedenterbiýe we sport boýunça geňeşine ýolbaşçy hökmünde saýlanyp, başlyklyk edip gelýändigi aýtdy.  

Ilçi M.Aýazow öz gezeginde Türkmenistanyň iri halkara sport çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrülendigini belläp, K.Giloýana bu sport çärelerinde ermeni türgenleriniň işjeň gatnaşýandygy üçin minnetdarlygyny bildirdi.

Taraplar Türkmenistanda we Ermenistanda geçirilýän sport-bilim çärelerine bu iki döwletiň wekilleriniň gatnaşmagyny üpjün etmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi