icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

01 fewral 2024

707

Türkmenistanyň Russiýadaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy we ýylyň şygaryna bagyşlanan tegelek stol geçirildi

2024-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyşyna we 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip yglan edilmegine bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.

Bu çärä türkmen diplomatlary, türkmen diasporasynyň hem-de Moskwada we Moskwa sebitinde okaýan Türkmenistanly talyplaryň wekilleri gatnaşdylar.

Tanyşdyrylyş dabarasynda türkmen diplomatlary döwlet Baştutanynyň ilkinji kitabynyň mazmunynyň aýratyn ähmiýetini açyp görkezmek bilen, bu kitabyň Watanyň daýanjy hasaplanylýan ýaşlar üçin öwüt beriji we ýol görkeziji bolup durýandygyny nygtadylar.

Talyp ýaşlaryň wekilleri hem özleri üçin niýetlenen bu kitabyň mazmuny boýunça çykyş etdiler hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öwüt-ündewlerine mynasyp boljakdyklaryna ynandyrdylar.

Türkmen halkynyň nusgawy şahyry, pelpesepeçi we Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň bellenilýän 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip atlandyrylmagy mynasybetli, bu şygaryň manysy babatynda durup geçenler, türkmen halkynyň şygyr sungatynyň beýik ussadynyň döredijiliginiň watançylyga ýugrulan, çuň pelsepeli, ynsanperwer mazmunly we çeperçilik kämilligi barada aýratyn belläp geçdiler.

Çykyş edenler, Magtymguly Pyragynyň häzirki günde hem tükeniksiz pähim-paýhasyň ummany, ahlaklylygyň çeşmesi, watançylyk we ýaş nesil üçin deňi-taýy bolmadyk bilim mekdebi bolan eserleriniň gaýtalanmajak ähmiýetini bellediler.

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçisi E.Aýdogdyýew Magtymguly Pyragynyň ýübileýine bagyşlanyp döwlet we halkara derejesinde göz öňünde tutulyan çäreler barada giňden gürrüň berdi.

Dabaraly çäräniň barşynda häzirki zamanda Türkmenistanyň gazananlary baradaky wideorolik, türkmen talyplary tarapyndan ýerine ýetirilen Magtymguly Pyragynyň watançylyk goşgulary öz mynasyp ornuny tapdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi