icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

01 fewral 2024

914

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidenti bilen duşuşygy

2024-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidenti R.Metreweliniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň maksady, Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda ylmy ugurda alnyp barylýan gatnaşyklary ösdürmekden we berkitmekden ybarat boldy. Taraplar akademiki işleri  ulgamynda öz ýurtlarynda alnyp barylýan özgertmeler we ýetilen sepgitler bilen tanyşdyrdylar.

Duşuşykda Ilçi şu ýyl Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde dabaraly ýagdaýda bellenilýändigini aýtdy, şeýle hem Türkmenistanda 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygarynyň bu dabara bilen baglydygyny belläp geçdi.

Ilçi bu möhüm waka bilen baglylykda Türkmenistanda we onuň çäginiň daşynda köp sanly çäreleriň meýilleşdirilendigini aýtdy. Gruziýanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidenti öz gezeginde mundan beýläk hem hyzmatdaşlygy dowam etmäge taýýardygyny mälim etdi we Magtymguly Pyraga bagyşlanan halkara maslahaty geçirmegi teklip etdi. Akademik Roin Metreweli bular ýaly çäreler beýik türkmen şahyr-filosofik Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasynyň mundan beýläk-de öwrenilmegine we dünýäde giňden ýaýramagyna, şeýle hem medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Taraplar iki ýurduň Ylymlar akademiýasynyň alymlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi