icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

20 mart 2017

317

Keniýa Halkara Energetika Hartiýasynyň täze gatnaşyjysy bolýar

2017-nji ýylyň 20-nji martynda Brýusselde Energetika Hartiýasynyň Sekretariatynda Keniýa Respublikasy Halkara Energetika Hartiýasyna gol çekýär. Resminama Ministrler Kabinetiniň energetika we nebit boýunça Sekretary Çarlz Ketel tarapyndan gol çekildi.  

Çarlz Ketel milli talaplary kanagatlandyrmak üçin energiýa önümçiliginiň uly kuwwatyny, energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini ulanmaklyga ýardam bermekligiň, Efiopiýa we Gündogar Afrika Bilelişigi bilen sebitleýin özara garaşlylygyny üpjün etmekligiň zerurlygyny belläp geçdi. Bu ýurt üçin esasy ugurlaryň ýene biri Keniýanyň demirgazyk böleginde kenarýaka çenli nebit geçirijiniň gurulmagydyr.

Keniýa Halkara Energetika Hartiýasynyň 83-nji gatnaşyjysydyr. Halkara Energetika Hartiýasyna gol çekmeklik Keniýanyň halkara ülňülerine laýyklykda energetika, maýa goýumlary höweslendirmek we goramak ulgamlarynda milli maksatlaryna ýetmeklige ygrarlydygyny şöhlelendirýär. Täze synçy döwlet hökmünde Keniýa global energetika arhitekturasyny düzjek maýa goýumlaryň, serhetüsti söwdanyň we üstaşyr geçelgeleriň möhüm meselelerine gatnaşýar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi