icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

13 fewral 2024

543

Sankt-Peterburgda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

2024-nji ýylyň 8-nji fewralynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasy Sankt-Peterburgyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan Türkmenistanly talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda Sankt-Peterburgda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi.

Duşuşygyň barşynda talyplar döwletimiziň ýaşlar barada edýän aladalary, ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň bilimde, ylymda, sportda we beýleki ugurlarda gazanan üstünlikleri, şeýle hem Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek babatynda olaryň öňünde durýan wezipeler barada giňişleýin beýan edýän Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabyna ägirt uly gyzyklanma bildirdiler.

Duşuşykda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip yglan edilen 2024-nji ýylda türkmen poeziýasynyň nusgawy şahyry, pelsepeçi we Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň 300-ýyllyk ýübileýini döwlet we halkara derejelerinde belläp geçmek babatynda ýaybaňlandyrylan we amala aşyrylýan giň göwrümli işlere aýratyn üns berildi.

Magtymguly Pyragynyň 300-ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek iri halkara ylmy maslahatlaryň we baýramçylyk çäreleriniň arasynda Sankt-Peterburgda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylmagy we Moskwada, Kazanda, Astrahanda, Woronežde halkara ylmy maslahatlary we tegelek stollary geçirmek boýunça çäreler agzalyp geçildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi