icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

13 fewral 2024

508

Ermenistanda iki ýurduň halkara guramalarynyň çäginde hyzmatdaşlyk etmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M.Aýazow Ermenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ösüş boýunça köptaraplaýyn syýasat we hyzmatdaşlyk departamentiniň başlygy Dawid Knýazýan bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar halkara guramalarynyň çäginde hyzmatdaşlyk etmek meseleleriniň üstünde durup, Ermenistan döwletiniň Türkmenistanyň başlangyjy bilen öňe sürlen energetika, ulag pudagyndaky birnäçe BMG-niň Kararnamalaryň, şeýle hem Halkara Bitaraplyk ýylynyň, Halkara Parahatçylyk we Ynam Ýylynyň, Durnukly ösüşiň Bütündünýä gününiň yglan edilmegi babatyndaky Kararnamalaryň awtordaşy bolup çykyş edendigini bellediler.

Ilçi M.Aýazow Türkmenistanyň Ilçihanasy bilen Ermenistanyň Welotregi hem-de Welosportuň höwesjeňler federasiýasy bilen bilelikde Ýerewan şäherinde her ýyl welosiped sürmek boýunça çäräniň geçirilýändigini belläp, ýylsaýyn bu çärä gatnaşyjylaryň sanynyň artýandygyny nygtady. Şol bir wagtda Ilçi bu çäräni her ýylda geçirmegiň asylly däbe öwrülendigini belledi we Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen Kararnama esasynda Bütindünýä welosiped gününiň her ýylyň 3-nji iýunynda bellenilýändigini aýtdy.

Söhbetdeşler Türkmenistanyň oňyn bitaraplygynyň orny barada gürrüň edenlerinde, Ilçi M.Aýazow Ermenistan Respublikasyny parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna Bitaraplygyň dostluk toparyna goşulmaga çagyrdy. Ilçi Dostluk toparynyň BMG-niň howandarlygy astynda jedelleriň öňüni almak, olaryň sebäplerini we netijelerini aradan aýyrmak, ynsanperwer meselelerini çözmek maksady bilen bitaraplyk ýörelgelerini tejribe taýdan ulanmak boýunça giňişleýin köptaraplaýyn gepleşikleriň meýdançasy bolup çykyş edýändigini belledi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi