icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

15 fewral 2024

550

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Ilçisiniň “Arab News” gazetiniň Baş redaktorynyň orunbasary bilen duşuşygy

2024-nji ýylyň 14-nji fewralynda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Ilçisi O.Çaryýew ýurduň “Arab News” gazetiniň Baş redaktorynyň orunbasary Nur Nugali bilen duşuşdy.

Duşuşykda maglumat ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek, doganlyk türkmen-saud gatnaşyklarynyň ösüşlerini köpçülige ýaýratmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem, duşuşykda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitaby hem tanyşdyryldy.

Mundan başga-da, Türkmenistanda 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilendigi habar berildi hem-de şu ýylyň dowamynda Türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlap Türkmenistanda birnäçe medeni we ylmy çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi mälim edildi.

Şunuň bilen baglylykda, “Arab News” gazetiniň wekilleri Türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlap geçiriljek halkara derejeli çäreleriň işine gatnaşmaga çagyryldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi