icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img

15 fewral 2024

3466

Tokioda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň wekilleri statistiki usulyýet bilen bagly okuw-maslahatyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň wekilleri Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) guramagynda 2024-nji ýylyň 5-15-nji fewraly aralygynda Tokio şäherinde Tehniki hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäklerinde geçirilen Statistiki hasabatynyň, usulyýetiniň, ulanylyşynyň we üpjün edilmeginiň sanawyny düzmek boýunça okuw maksatnamasyna gatnaşdylar.

Okuw maksatnamasynyň dowamynda Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) wekilleri bilen Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň düzümleýin müdirlikleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda statistiki hasabat çeşmeleriniň döredilmeginiň we ulanylmagynyň hem-de olaryň mundan beýläk kämilleşdirilmeginiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahata gatnaşyjylar prezentasiýa bilen çykyş etdiler hem-de milli statistika ulgamlaryny kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak, esasy makroykdysady görkezijileriň statistik bahalarynyň hilini we ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak ugrunda esasy maksatlar barada bellediler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi