icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

16 fewral 2024

741

Buharestde Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

2024-nji ýylyň 15-nji fewralynda, Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy tarapyndan “Magtymguly Pyragy-türkmen mugallymy, dünýäniň akyldary we şahyry” atly halkara maslahat we 25-nji fewrala çenli Rumyniýanyň Milli kitaphanasynda dowam etjek şahyryň döredijiligine bagyşlanan sergi gurady.

Maslahata Parlementiň agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, Rumyniýada akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, Ylymlar akademiýasynyň, muzeýleriň, söwda we senagat palatalarynyň wekilleri, habar beriş serişdeleriniň wekilleri we Rumyniýanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen talyplary gatnaşdy.

Çykyş edenler şahyryň döredijiliginiň türkmen diliniň we edebiýatynyň ösüşine täsiri, türkmen halkynyň milli özboluşlylygy we döwletliligi, şeýle hem ähliumumy ruhy gymmatlyklaryň hazynasyna goşan goşandy barada söhbet etdiler.

Çäräniň dowamynda Magtymguly Pyragy hakynda we Rumyniýanyň Milli Telewideniýesi tarapyndan taýýarlanan Türkmenistan barada dokumental film görkezildi. Şeýle hem, talyplar dürli dillerde türkmen edebiýatynyň beýik nusgawy şahyrynyň goşgularyny okadylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi