16 fewral 2024
4031
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Katara sapary
2024-nji ýylyň 15-17-nji fewralynda Katar Döwletiniň paýtagty Doha şäherinde “Emiriň gyljy” atly halkara bäsleşik-festiwaly geçirilýär. Bu halkara çärä Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory P.Baýramdurdyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýet gatnaşýar.
Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Kataryň Atçylyk federasiýasynyň Baş sekretary Şeýh Ahmad bin Nuh Al-Tani bilen duşuşdy. Hususan-da, taraplaryň arasynda işjeň gatnaşyklary ýola goýmak arkaly bedewleri ýetişdirmek we atçylyk sporty boýunça özara tejribe alyşmak babatynda iki ýurduň arasynda uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.
Şeýle hem, Türkmenistanyň wekiliýeti “Al Şakab” Atçylyk merkezinde weteranariýa ugry boýunça hünärmenler bilen duşuşyk geçirdi.
Başga habarlar
06
Noý
Türkmenistanyň Ilçisi Er-Riýadda geçiriljek «Expo-2030» sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meselelerini maslahatlaşdy
06
Noý
Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi Rumyniýanyň Daşary işler ministriniň geçiren duşuşygyna gatnaşdy
06
Noý
Şanhaýda Türkmen-hytaý işewürlik forumy öz işine başlady
05
Noý
Parižde Marten Buiga Türkmenistanyň ýubileý medaly gowşuryldy
03
Noý
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy Tokio şäherinde medeni-tanyşdyryş çäresini geçirdi
Ähli habarlary görmek