icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

17 fewral 2024

801

“Türkmenhowaýollary” awiakompaniýasynyň Aşgabat-Jidda ugry boýunça ilkinji yzygiderli ýolagçy uçarynyň dabaraly garşylanmagy

2024-nji ýylyň 16-njy fewralynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäheriniň Patyşa Abdulaziz adyndaky halkara howa menzilinde Haj we Umra terminalyna “Türkmenhowaýollary” awiakompaniýasynyň Aşgabat-Jidda ugry boýunça ilkinji yzygiderli ýolagçy uçary geldi hem-de bu uçar Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň ýokary derejeli resmi wekilleriniň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda garşylandy.

Bu uçary dabaraly garşy almak dabarasyna Türkmen tarapyndan “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygynyň orunbasary N.Kakabaýew we Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Ilçisi O.Çaryýew gatnaşdy.

Saud tarapyndan çärä Saud Arabystany Patyşalygynyň Raýat awiasiýasy boýunça Baş edarasynyň Prezidentiniň Dolandyryş we ýerine ýetiriji taslamalar boýunça geňeşçisi jenap Süleýman Al-Bassam, Jidda şäheriniň Patyşa Abdulaziz adyndaky halkara howa menziliniň Baş direktory jenap Mazen Johar we halkara howa menziliniň howpsuzlyk we jemgyýetçilik işlerine jogap berýän ýolbaşçy düzümi hem gatnaşdylar.

Şol bir wagtda, çäräniň çäklerinde Ilçi O.Çaryýew bilen Saud tarapyndan çärä gatnaşan Raýat awiasiýasy gullugynyň resmi wekilleriň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasyndaky gatnaşyklara ýokary baha berdiler hem-de iki ýurduň arasynda dostluk köprüsi bolup hyzmat etjek bu yzygiderli ýolagçy gatnaw ugrunyň söwda-ykdysady, syýahatçylyk we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlygyň giňemegine uly itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi